Özbegistan–Türkmenistan ýaşlar forumynyň çäklerinde Özbegistanyň Ýaşlar işleri agentliginiň direktory Alisher Sa’dullaýew bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Ýazpolat Keriýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda iki ýurduň ýaşlarynyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Şeýle-de bu gatnaşyklary has-da berkitmek, ýaşlar üçin täze mümkinçilikleri döretmek hem-de geljegi uly başlangyçlary we taslamalary öňe sürmek boýunça pikir alşyldy.

Forumyň dowamynda iki ýurduň ýaşlar bilen işlemek boýunça tejribesi, durmuşa geçirilýän taslamalar we geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlary barada çykyşlar we pikir alyşmalar geçirildi.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Çärä gatnaşyjylar bu duşuşygyň iki doganlyk ýurduň ýaşlar syýasaty ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny amaly taýdan giňeltmäge hyzmat edýändigini bellediler.

«THE ASHGABAT TIMES».