6.05.2024 - 11.05.2024 sene aralykda Ýurdumyzyň Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda (TDEI) nazary mehanika dersi boýunça III Halkara açyk internet olimpiadasynyň geçirilmegine garaşylýar. Bu halkara olimpiada gatnaşyjylaryň sany ýyl-ýyldan barha artýar. Şu ýylyň özünde olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän talyplaryň sanawy 600-den gowrak. Diýarymyzyň ähli künjeklerinden gatnaşýan zehinli talyp ýaşlarymyza uly üstünlikleriň ýar bolmagyny, şeýle hem baýrakly orunlara mynasyp bolmaklaryny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris!
Nazary mehanika dersi boýunça III Halkara açyk internet olimpiadasynyň geçirilmegine taýýarlyk



Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.