Şu gün Türkmenistan diýarymyzda ähli musulmanlaryň mukaddes baýramy bolan Oraza baýramy bellenip geçildi. Ir säher bilen ýurdumyzyň ähli metjitlerinde Baýram namazlary okalyp geçildi. Bu mukaddes aýda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze metjitler açylyp ulanylmaga berildi. Ähli musulman doganlarymyzyň Remezan aýynda tutan orazalary, beren sadakalary, mukaddes Gadyr gijesinde eden doga-dilegleri kabul bolsun!