2026-njy ýylyň 4-nji iýunynda Moskwanyň «Rus aýdymy» döwlet akademiki teatrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy.
Medeni çäre Russiýa Federasiýasynyň DIM-iň wekillerini, Russiýanyň medeni edaralarynyň jogapkär işgärlerini, Moskwada akkreditirlenen daşary ýurt diplomatlaryny, iki ýurduň işewür düzümleriniň wekillerini, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryny, ylym we medeniýet işgärlerini, žurnalistleri, talyplary we Russiýa Federasiýasynyň sebitlerindäki türkmen diasporalarynyň wekillerini bir ýere jemledi.
Çärelere gatnaşmak üçin medeniýet işgärlerinden we sungat ussatlaryndan, şol sanda meşhur artistlerden, opera ýerine ýetirijilerinden, estrada aýdymçylaryndan, meşhur saz we tans toparlaryndan, şeýle hem KHBS-iň wekillerinden ybarat bolan Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwa şäherine geldi.
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleriniň maksatnamasy iki ýurduň medeniýet işgärleriniň arasynda birnäçe duşuşyklaryň geçirilmegini göz öňünde tutýar. Şeýle-de türkmen wekiliýeti üçin Russiýanyň paýtagtynyň gözel ýerlerine baryp görmek boýunça giňişleýin maksatnama taýýarlanyldy.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.