Türkmen söweşijisi Dowletjan Ýagşymyradow amerikaly Impa Kasanganay bilen bolan söweşde ýeňiş gazanyp, PFL-iň ýarym agyr agramda täze çempiony boldy. PFL World Championship 2024-iň final söweşi 30-njy noýabr gijesi (Aşgabat wagty bilen) Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçirildi.

Dowletjan abraýly garşydaşyny 58 sekuntda nokaut etdi.

Çempion ady bilen birlikde, türkmen söweşijisi 1 million dollar baýrak aldy.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Ýagşymyradow Türkmenistana PFL-de ilkinji çempionlygy getirdi we bu onuň ilkinji möwsümi boldy. Geçen ýyl guşagyň eýesi Impa Kasanganay boldy.

Häzirki wagtda Ýagşymyradowyň MMA-da 33 söweşde 25 ýeňşi bar. Impa Kasanganay 19 söweşde 5-nji gezek ýeňildi.