Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjana eden döwlet sapary türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ösüşinde möhüm tapgyr boldy we iki doganlyk döwletimiziň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini tassyklady. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Global Günorta NGO Platformasynyň agzasy, Türkmenistandaky CAREC taslama ofisiniň direktory Mergen Kepbanow AZERTAG-a beren interwýusynda belledi.
AZERTAG-da habar berlişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli esasy ugurlaryny diýen ýaly öz içine alýan 12 sany ikitaraplaýyn resminamanyň gol çekilmegi — energetika, senagat we azyk howpsuzlygyndan başlap, saglygy goraýyş, oba hojalygy, sport we maliýe ulgamyna çenli — bu hyzmatdaşlygyň giň gerimini görkezýär. Döwlet baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasynyň gol çekilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolup, ol geljekdäki hyzmatdaşlygyň uzak möhletli ugurlaryny kesgitleýär.
Ol Türkmenistana «Dostluk» nebit tankeriniň sowgat edilmegini aýratyn belledi. «Gämidäki «Dostluk» adynyň özi simwoliki many aňladýar we Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň arasyndaky özara hormat, ynam we goňşuçylyk gatnaşyklaryny görkezýär» diýip, M.Kepbanow aýtdy.
«Häzirki wagtda ýurtlarymyz energetika, ulag-logistika ulgamy, söwda we durnukly ösüş meselelerinde işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýärler: Hazar deňzi diňe bir goňşuçylyk giňişligi bolman, eýsem Gündogar bilen Günbataryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm köprüsine öwrülýär. Ekologiýa, tebigy serişdeleri ýerlikli peýdalanmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça bilelikdäki tagallalar aýratyn rol oýnaýar. Bu meseleler tutuş Hazar sebiti we Merkezi Aziýa üçin uly ähmiýete eýedir».
Iki Lideriň arasynda geçirilen gepleşikleriň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we iki halkyň bähbitlerine laýyk gelýän, sebit durnuklylygyny hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam berýän täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge bolan özara gyzyklanmany görkezendigini belläp, M.Kepbanow geçirilen döwlet saparynyň netijeleriniň türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryna täze itergi berjekdigini we geljek ýyllarda özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin goşmaça mümkinçilikleri açjakdygyny aýtdy.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.