“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäni gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, bu şäherçäni 2026 — 2030-njy ýyllarda tapgyrlaýyn gurmak bellenildi.
Gurluşyk we binagärlik ministrligine guruljak täze, döwrebap şäherçäniň baş meýilnamasyny 3 aý möhletde işläp düzmek, şäherçäniň binalarynyň we desgalarynyň gurluşyk işlerine gözegçilik etmek üçin öz garamagynda Gurulýan desgalaryň direksiýasyny bellenen tertipde döretmek tabşyryldy.
«THE ASHGABAT TIMES».



Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.