Ýakynda Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim ýurdumyza resmi sapary amala aşyryp, hormatly Prezidentimiz bilen gepleşikleri geçirdi. Onuň çäklerinde Premýer-ministriň hoşniýetli dostlugyň we çuňňur hormatyň nyşany hökmünde Gahryman Arkadagymyza sport motoulagyny gowşurmagy taryhy ähmiýetli waka öwrüldi. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkezinde dabara geçirildi.
Saparyň çäklerinde dostlukly ýurduň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza çuňňur hormatyň nyşany hökmünde “Honda” kysymly motoulagy sowgat bermegi möhüm wakalaryň biri boldy. Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Milli Liderimize sowgat beren sport motosiklini meşhur malaýziýaly sport ussady, “PETRONAS MIE Racing Honda Team” toparynda çykyş eden Haýrul Idham bin Pawiniň dolandyrandygyny nygtamak gerek. Dünýäde ykrar edilen bu ussat türgen “Super KIP” ady bilen hem meşhurdyr. Ol “World Supersport” ýaryşlarynyň abraýly tapgyrlarynyň dürli çempionatlarynda çykyş edip, ýokary ussatlygyny görkezen türgendir.
Bu motosikl “Supersport 2024” tapgyrynda dünýä çempionatyna gatnaşyp, örän çylşyrymly ýaryş şertlerinde has zerur bolan tizlik, durnuklylyk we rahatlyk görkezmeli bolanda, tehniki taýdan kuwwatly häsiýetini subut etdi. Şoňa görä-de, dünýä möçberindäki ýaryşlara gatnaşmak üçin döredilen bu sport motosikli ýokary derejede berkligiň, dolandyrmakdaky dürslügiň we takyklygyň, kämillige tarap ymtylyşyň nyşanydyr. Munuň şeýledigini onuň tehniki häsiýetnamalary-da tassyklaýar. Onuň iň ýokary kuwwaty 121 at güýjüne deňdir. Şeýle ýokary tizlige eýe bolan bu sport ulagynyň sowgat berilmegi Milli Liderimize goýulýan belent hormatyň güwäsidir.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.