Türkmenistanyň Bilim ministrligi 24-25-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde mekdep okuwçylaryň arasynda mental arifmetika boýunça bäsleşigiň geçirilýändigini yglan edýär.
Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2024-nji ýylyň 20-nji iýunyndaky 218 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Mekdep okuwçylaryň arasynda mental arifmetika boýunça bäsleşigi geçirmegiň düzgünnamasyna» laýyklykda guralar. Bu düzgünnama laýyklykda, bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden saýlanan 110 sany 6-14 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylary gatnaşarlar. Olar bäsleşigiň birinji gününde mental arifmetikanyň «Zehin senenamasyny hasaplamak», «Mental kwadrat kök (alty belgili) almak», «Ýatdan goşmak», «Ýatdan köpeltmek (8x8)» görnüşleri boýunça zehinlerini synarlar. Bäsleşigiň ikinji gününde okuwçylar mental arifmetikanyň «Flash Anzan marafony» görnüşi boýunça zehinlerini we ukyplaryny görkezerler.
Şeýlelikde, 25-nji iýunynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bäsleşigiň jemi jemlenip, ýeňijiler yglan ediler we degişli diplomlar bilen sylaglanar.



Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.