2026-njy ýylyň 10-njy iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynyň häkimi, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Durdy Genjiýewi welaýatyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä Hojamyrat Aşyrmyradowy belledi we ony Balkan welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy hem-de degişli resminamalara gol çekdi.
H.Aşyrmyradow uly ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, täze wezipede gujur-gaýratyny gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
«THE ASHGABAT TIMES».



Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.