Ilkinji gezek Kuzbassyň kömür ýüklenen iki otlusy «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň üsti bilen Hindistana iberildi.

Kemerowo sebitinden ýola düşen otlular Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Eýranyň Bender-Abbas portuna çenli baryp ýetdi.

Türkmen-eýran serhedinde «Eýranyň demir ýollarynyň» 1435 mm ölçegli wagonlaryna kömür ýüküniň geçirilendigini «Russiýanyň demir ýollarynyň» Telegram kanaly habar berýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Syýahatyň soňky bölüminde ýanyjy gaty önümler Bender-Abbas portundan Mumbaý portuna deňiz arkaly ýetiriler.