Kristin Hawkins 2026-njy ýylyň iýul aýyndan bäri ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynda wagtlaýyn ynanylan wekil (Chargé d’Affaires) wezipesinde işleýär. Ol bu wezipede ABŞ-nyň öňki ilçisi Elizabet Ruduň ornuny eýeleýär.

Kristin Hawkins ABŞ-nyň Daşary işler gullugynyň hünär diplomaty bolup, 2023–2025-nji ýyllarda Pakistanyň Lahor şäherindäki ABŞ-nyň Baş konsuly wezipesini ýerine ýetirdi.

Hawkins hanym 2011-nji ýylda Daşary işler gullugyna goşulandan bäri dürli diplomatik wezipelerde işledi. Ol Pakistanyň Yslamabat şäherindäki ABŞ ilçihanasynda kömek maksatnamalaryny utgaşdyryjy, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Ýewropa we Ýewraziýa işleri býurosynda Gürjüstan boýunça uly hünärmen, Ukrainanyň Kiýew şäherindäki ABŞ ilçihanasynda metbugat wekiliň orunbasary, Yslamabatdaky ilçihanada jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça işgär, Russiýanyň Moskwa şäherindäki ABŞ ilçihanasynda syýasy işler boýunça işgär we ýolbaşçylyk bölüminiň kömekçisi, şeýle-de Ýamaýkanyň Kingston şäherindäki ABŞ ilçihanasynda konsullyk işgäri bolup işledi.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Kristin Hawkins Wirjiniýa ştatyndandyr. Ol Wirjiniýa uniwersitetini daşary işler we ykdysadyýet ugurlary boýunça bakalawr derejesi bilen tamamlady. Onuň daşary ýurt dilleri boýunça bilimlerine türkmen, rus, ukrain we fransuz dilleri girýär.

«THE ASHGABAT TIMES».