Şu ýylyň 5 — 8-nji maýy aralygynda meýilleşdirilen işleriň esasynda Germaniýadaky Mihael Zukkow adyndaky halkara gaznanyň bilermenleri we milli hünärmenler «Köýtendag» goraghanasynda iş saparynda boldular.
Köýtendagy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek baradaky teklipler iki goňşy döwletiň — Türkmenistan bilen Özbegistanyň bilelikdäki halkara hyzmatdaşlygynyň möhümdigini görkezdi.
2025-nji ýylda «Köýtendagyň karstlary, jülgeleri we gowaklary» atly serhetüsti tebigy desgany ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek baradaky işler ýaýbaňlandyryldy. Sanawa hödürlenýän desga sebitiň iň möhüm çäklerini — Türkmenistandaky «Köýtendag» we goňşy Özbegistandaky «Surhan» döwlet tebigy goraghanalaryny birleşdirýär. Pamir-Alaý dag ulgamynyň günorta-günbatar çetki bölegi bolan bu belent dag gerşi geografik we ekologik taýdan bitewi landşaft bolup durýar. 2025-nji ýylyň sentýabrynda Köýtendagyň goralyp saklanmagynyň möhümdigine ygrarlygy görkezmek bilen, iki döwlet tarapyndan resminamalar taýýarlanyp, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy merkezine ýetirildi. Şeýlelikde, halkara bilermenler we goraghananyň ylmy işgärleri saparyň dowamynda ÝUNESKO-nyň Amaly gollanmasynyň berk talaplaryna laýyklykda, seljerme geçirdiler.
Üç günlük saparyň barşynda halkara gaznanyň bilermenleri «Köýtendag» döwlet tebigy goraghanasynyň diňe bir Türkmenistan üçin däl, bütin adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak tebigy mirasdygyny bellediler. Düşürilen suratlar we monitoringiň netijeleri, ylmy esaslandyrmalaryň maglumaty Köýtendag sebitini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmekde möhüm resminamalardyr.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.