Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde «Biz şadyýan nesiller» ady bilen kiçi futbol ýaryşy ýaýbaňlandy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşda agzalan merkezde dynç alýan çagalardan düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşdy.
Çagalar dynç alyş-sagaldyş merkeziň futbol meýdançasynda geçirilende oýunda çagalar ukyp-başarnygyny görkezdiler. Çekeleşikli duşuşyklaryň netijesinde «Bagtyýarlyk» topary oýnuň ýeňijisi boldy. Ýeňiji bolan topara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.



Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.