Aşgabatda geçirilýän «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde çagalaryň arasynda küştüň rapid we blits görnüşleri boýunça halkara ýaryş guraldy.

«Kids EXPO Chess Cup 2026» ady bilen guralan bu halkara bäsleşik ýaş küştçüleriň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, olaryň tejribesini artdyrmak hem-de dürli ýurtlaryň ýaş türgenleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen geçirildi.

Ýaryşa halkara guramalar bilen bilelikde dünýäniň 8 döwletinden 8, 10 we 12 ýaşa çenli bolan jemi 94 sany ýaş küştçi gatnaşdy. Bäsleşikler küştüň rapid we blits görnüşleri boýunça geçirildi.
Ýaryşyň dowamynda ýaş türgenler küşt tagtasynda öz ussatlyklaryny görkezip, çalt pikirlenmek, dogry çözgüt kabul etmek we strategiýa gurmak başarnyklary boýunça güýç synandylar. Ilkinji gün rapid görnüşi boýunça duşuşyklar geçirilse, serginiň ikinji gününde küştüň has çalt depginli görnüşi bolan blits boýunça bäsleşikler guraldy.

Halkara ýaryşda Türkmenistanyň ýaş küştçüleri üstünlikli çykyş etdiler. Türkmen türgenleri jemi 12 mümkin bolan altyn medalyň 7-sini gazanyp, umumy toparlaýyn hasapda birinji orna mynasyp boldular.
«Kids EXPO Chess Cup 2026» halkara ýaryşy ýaş nesliň intellektual ösüşine ýardam berýän, küşt boýunça zehinleri ýüze çykarmaga we ýaş türgenleriň halkara tejribe alyşmagyna giň mümkinçilik döredýän möhüm çäreleriň biri boldy.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.