Şu ýylyň 19 --- 22-nji awgusty aralygynda Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda "Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin" atly halkara sergi-ýarmarkasyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada 25-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Atdaýewiň «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» bellenilen wezipelere laýyklykda, ýurtda halkara sergileri guramak boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatynda aýdyldy.