ABŞ-nyň Ilçihanasy amerikan sungat işgärleri Keýt Bäsiň, Äron Ýaňyň we Riçard Staýgneriň 13-24-nji ýanwar aralygynda Türkmenistana sapar etjekdigini hoşallyk bilen habar berýär.

Saparyň dowamynda olar türkmen kärdeşleri bilen hünär alyş-calyş çärelerine gatnaşyp, bilelikdäki amerikan – türkmen konsertlerinde çykyş ederler. "Broadway and Beyond" atly konsertler Aşgabatda, Türkmenbaşyda, Balkanabatda we Daşoguzda geçiriler. ABŞ-nyň Ilçihanasy gyzyklanýan habar beriş serişdelerini bu çykyşlary köpçülige ýetirmäge çagyrýar. Konsertler hemmeler üçin açyk bolup, zallar tomaşaçylaryň geliş nobatyna görä doldurylar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

GOŞMAÇA MAGLUMAT:

Aşgabat

Senesi: 16-njy ýanwar, penşenbe
Konsertiň açylyşy:19:00
Geçiriljek ýeri:Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgi
Esasy düzgünleri:ON THE RECORD

Türkmenbaşy

Senesi: 18-nji ýanwar, şenbe
Konsertiň açylyşy:19:00
Geçiriljek ýeri:"Türkmennebit" Döwlet konserniniň TNGIZT-niň Medeni-sport toplumy
Esasy düzgünleri:ON THE RECORD

Balkanabat

Senesi: 20-nji ýanwar, duşenbe
Konsertiň açylyşy:19:00
Geçiriljek ýeri:Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry
Esasy düzgünleri:ON THE RECORD

Daşoguz

Senesi: 22-nji ýanwar, çarşenbe
Konsertiň açylyşy:19:00
Geçiriljek ýeri:Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry
Esasy düzgünleri:ON THE RECORD

Aşgabat

Senesi: 24-nji ýanwar, anna
Konsertiň açylyşy:19:00
Geçiriljek ýeri:Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgi
Esasy düzgünleri:ON THE RECORD