Türkmen türgenleriniň halkara sport giňişligindäki ýeňişleriniň üsti ýene-de bir hoş habar bilen ýetirildi. Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilen Jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary ajaýyp netijeleri gazanyp, Watanymyzyň sport abraýyny belent derejelere göterdi. Bu iri ýaryşda ildeşlerimiz dürli agramlar boýunça çykyş edip, 14 altyn, 11 kümüş, 17 bürünç medal gazandylar. Netijede, Türkmenistanyň milli ýygyndysy toparlaýyn hasapda birinji orny eýeledi.

Dünýä çempionatynyň Antalýadaky düşelgesinde türkmen jiu-jitsuçylary diňe bir ýeňiş gazanmak bilen çäklenmän, eýsem, öz çykyşlarynda ýokary taýýarlygy, berk erjelligi, göreş sungatynyň inçe tilsimlerine kämil erk etmegi we ýeňşe bolan ynamy aýdyň görkezmegi başardylar. Ýaryşa 16 döwletden 245 türgeniň gatnaşmagy bu üstünligiň ähmiýetini has-da artdyrýar. Şeýle güýçli bäsdeşlikde milli ýygyndymyzyň öňe saýlanmagy türkmen sportunyň barha ilerleýändigini alamatlandyrýar.

Dünýä çempionatynda altyn medala eýe bolanlaryň arasynda birnäçe türgeniň atlaryny agzamak gerek. Ýaryşyň «Ussatlar» derejesinde Rähmet Taganow bilen Rahat Kurbanow öz agram derejelerinde ýeňiş gazanyp, ýaşyl tugumyzy belende göterdiler. Isa Arslanow, Hakberdi Jumaýew, Begli Saparow ýaly ussat jiu-jitsuçylar hem altyn medallary bilen milli ýygyndymyzyň üstünligine saldamly goşant goşdular. Zenan türgenlerimiziň arasynda Zyba Orunowanyň altyn medaly hem aýratyn bellenilmäge mynasyp. Şeýle-de ýaş türgenlerden Mälikberdi Begiýew, Nurmyrat Ataýew, Danil Miheýew, Kurbanaý Kurbanowa, Parahat Rahmanow, Alyşir Jumamyradow, Bagtyýar Myradow dagy ýokary netijeler bilen türkmen sportunyň geljeginiň ygtybarly ellerdedigini görkezdi.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

«THE ASHGABAT TIMES».