1-nji iýundan 31-nji awgust aralygynda IT-Academy ITEA 9-11-nji synp okuwçylaryna we talyplara “Programmirlemegiň esaslary” kursyna 50%-e çenli arzanladyş yglan edýär.
Mundan başga-da, “Programmirlemegiň esaslary” kursuny ýokary netijeler bilen tamamlan talyplar we orta mekdep okuwçylary ITEA-da toplanan programmirleme okuwyna goşmaça 55% arzanladyş alarlar.
Toplanan programmirleme okuwy - bu aşakdaky ugurlar boýunça doly okuwy öz içine alýan giňişleýin okuw programmasydyr:
Frontend;
Backend;
Game Dev;
Design.
Toplanan programmirleme okuwy saýlap, elýeterli bahada sizi gyzyklandyrýan programmirlemegiň birnäçe ugurlaryny özleşdirmäge mümkinçilik alarsyňyz.
Okuw gutarandan soň, uçurymlar bilimlerini we başarnyklaryny tassyklaýan şahadatnama alarlar.
Tomus dynç alyşlaryňyzdan peýdalanyň! ITEA-da kodlaşdyryş kursuna ýazylyň we üstünlikli geljegiňiziň açary boljak ukyp-başarnyklara eýe boluň.
Giňişleýin maglumat almak we ýazylmak üçin: (+993 63) 47 11 92, (+993 63) 42 67 51 ýa-da şu salgylanma.