Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, 2026-njy ýylyň 6-njy iýulynda ilçi Sapar Pälwanow gämi gurluşygy ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolan Niderlandlaryň «Damen Shipyards» kompaniýasynyň ştab-kwartirasyna bardy.

Saparyň dowamynda Ilçi kompaniýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi, şeýle hem dürli maksatly döwrebap gämileriň gurluşygy amala aşyrylýan önümçilik meýdançasy bilen tanyşdy.

Gepleşikleriň çäklerinde taraplar Türkmenistan bilen «Damen Shipyards» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini, şol sanda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň gämi gurluşyk zawodynyň binýadynda gämileri bilelikde gurmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Düýbi çuňlaşdyryş işleri boýunça geljekki gatnaşyklara aýratyn üns berildi. «Damen Shipyards» kompaniýasynyň bu ugurda uly amaly tejribä we Türkmenistan bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk taryhyna eýedigi bellenildi.

Ilçi Türkmenistanyň deňiz düzümini ösdürmäge, port mümkinçiliklerini döwrebaplaşdyrmaga we ulag-logistika arabaglanyşygyny berkitmäge aýratyn üns berýändigini nygtady. Bu ugurda Niderlandlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk öňdebaryjy halkara tejribäni, tehnologiýalary we maýa goýumlaryny çekmegiň möhüm şerti hökmünde görülýär.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi türkmen tarapynyň Türkmenistanyň bazaryna gyzyklanma bildirýän Niderlandlaryň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda işewürlik çärelerini guramak niýetiniň bardygyny hem mälim etdi. «Damen Shipyards» kompaniýasynyň wekilleri bu işe işjeň gatnaşmaga çagyryldy.

Taraplar gämi gurluşygy, port düzümi we deňiz tehnologiýalary ulgamynda gepleşikleri dowam etdirmäge hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

«THE ASHGABAT TIMES».