Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet saparynyň çäklerinde Fizuli şäheri bilen tanyşlykdan soňra Prezident Ilham Aliýew bilen bilelikde awtoulagda Şuşa şäherine ugradylar.

Şuşa şäherine gelenlerinden soňra, döwlet Baştutanlary bu ýerde gurulýan täze ýaşaýyş toplumyna baryp gördüler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu ýerde bina edilýän Şuşa metjidiniň gurluşygyny synlady. Metjidiň gurluşygy bilen tanyşlykdan soňra, döwlet Baştutanymyz hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti Geýdar Aliýew we Garabag baradaky surat sergisi bilen tanyşdylar. Soňra döwlet Baştutanlary bu şäherdäki taryhy we medeni merkezlere baryp gördüler.

Şäher bilen tanyşlygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti Jydyr düzüne bardylar. Bu ýerde dostlukly ýurduň atly ýigitleriniň görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi garabag atlarynyň özboluşly tanyşdyrylyşyna öwrüldi. Jydyr düzünde hormatly Prezidentimize belent hormat-sarpanyň nyşany hökmünde «garabag» tohumyndan bolan bedew sowgat berildi. Munuň özi mizemez türkmen-azerbaýjan dostlugynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

«THE ASHGABAT TIMES».