Ýurdumyzda watana gerekli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirýän Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «IUHD HUB» atly täze zolak döredildi. Bu barada Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti habar berdi.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «IUHD HUB» atly täze zolak döredildi

Şu gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetniň proffesor mugallymlary, daşary ýurt mugallymlary we talyp ýaşlaryň gatnaşmagy esasynda uniwersitetde «IUHD HUB» atly täze zolak açyldy.

IUHD HUB

Bu zolakda talyp ýaşlaryň okuwdan boş wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen giň mümkinçilikler döredildi. Bu zolaga gelýän talyp ýaşlar dürli dillerde neşir edilen ajaýyp çeper we publisistik eserleri okamaga, döredijilik bilen meşgullanmaga, iň kämil multimedia enjamlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik gazanarlar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy
IUHD HUB