Düýn, 30-njy dekabrda ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň mejlisler jaýynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamynda abraýly halkara ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan mekdep okuwçylary we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de olary halkara bäsleşiklerine taýýarlan mugallymlar sylaglanyldy.

Olara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
«THE ASHGABAT TIMES».



Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.