Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen 8-nji Halkara etnosport medeniýeti festiwalyna gatnaşdy. Bütindünýä etnosport konfederasiýasy tarapyndan guralan etnofestiwala dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly wekiller gatnaşdy.
Festiwalyň çäklerinde dürli ýurtlardan gelen milli medeni toparlar öz halklarynyň däp-dessurlaryny, at üstündäki oýunlaryny, sportuň milli görnüşlerini görkezdiler. Halkara etnosport medeniýeti festiwalynda “Galkynyş” toparynyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Toparyň ýerine ýetiren çylşyrymly tilsimleri bu ýerde ýaýbaňlandyrylan dabaranyň ýatda galyjy pursatlaryna öwrüldi.
Halkara festiwalda Ýaponiýanyň, Müsür Arap Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Ispaniýanyň, Litwanyň, Russiýanyň, Italiýanyň, Özbegistanyň, Meksikanyň, Bangladeşiň, Gruziýanyň, Liwanyň, Tanzaniýanyň we başga-da birnäçe döwletiň toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Medeni-köpçülikleýin çäreler, halk tanslary, aýdym-sazlar, sahna oýunlary bilen utgaşykly dowam eden festiwalda türkmen atly ýigitleriniň çykyşlary has-da täsirli boldy.
Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň gatnaşmagynda geçirilen Halkara etnosport medeniýeti festiwalynyň jemleýji güni ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Onda festiwala gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezen toparlar sylaglanyldy.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.