Al-Farabi adyndaky Gazagystan Milli uniwersitetiniň 90 ýyllygynyň bellenilmegi mynasybetli 29-30-njy aprelde Almaty şäherinde TÜRKSOÝ halkara guramasynyň goldawy bilen «Farabi film festival» atly halkara film festiwaly geçirildi. Oňa Türkmenistanyň kinoçylary-da hem gatnaşdy. Film festiwalda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň «Dutaryň owazy» atly çeper-publisistik filmi görkezildi. Ýaş režissýor Isgendermuhammet Annamuhamedowyň bu filmi gözden geçirişe gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi we festiwalyň ýörite baýragyna mynasyp boldy. «Dutaryň owazy» filmi beýleki halkara film festiwallarda-da, hususan, «Listapad» atly Minsk halkara film festiwalynda we türki dünýäsiniň «Korkut Ata» atly halkara film festiwalynda-da kino tankytçylaryny hem-de tomaşaçylary türkmen halkynyň gadymdan gelýän aýdym-saz sungaty bilen tanyşdyrdy.