«The Ashgabat Times» okyjylary dünýäde bolup geçýän möhüm wakalar bilen suratlar arkaly tanyşdyrmak isleýär.

ABŞ. Florida ştatynyň Pompano-Biç şäherindäki Meduza muzeýinde ýapon deňiz meduzasy görkezilýär.

Belgiýa. Balen şäherindäki «Hautes-Fagnes» tebigy goraghanasynda işgär tokaý ýangynyny söndürmek işlerine gatnaşýar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Boliwiýa. El-Alto şäherinde gar ýagýan wagty aýal awtobusa münýär.

Çili. Paposo şäherinde buldozerler sil we süýşmeler zerarly zaýalanan dag ýoluny dikeldýär.

Kolumbiýa. Pereýra şäherinde halas edijiler ýer titremesi zerarly ýumrulan binalaryň arasyndan pidany çykarýarlar.

Pakistan. Rawalpindi şäherinde güýçli ýagyşdan soň ýaşaýjy öýüne giren suwy çykarmaga synanyşýar.

Nigeriýa. Aýetoro şäherinde ýaşaýjy kenar eroziýasy zerarly zeper ýeten taşlanan binanyň ýanyndan geçýär.

Serbiýa. Deliblat-Peçarada ýangyn söndürijiler tebigy hadysa garşy göreş işlerini alyp barýar.

«THE ASHGABAT TIMES».