Türkmenistandaky Fransuz institutynda Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň wekillerini hem-de olaryň maşgala agzalaryny birleşdiren küşt ýaryşy geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Küşt federasiýasy we Türkmenistandaky Fransuz instituty bilelikde gurady.
Bäsleşik Halkara Küşt güni mynasybetli guralyp, halkara hyzmatdaşlygy, medeni alyş-çalşygy ösdürmäge we dürli döwletleriň wekilleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat edýän intellektual sport görnüşine bolan gyzyklanmanyň barha artýandygyny ýene-de bir gezek görkezdi.
Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulyýew we Türkmenistandaky Fransuz institutynyň direktory Winsent Lorensini gatnaşyjylary gutlag sözleri bilen garşyladylar. Resmi açylyş dabarasyndan soň gatnaşyjylara ýaryşyň düzgünleri we geçiriliş tertibi tanyşdyryldy.

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulyýew, Fransuz institutynyň direktory Winsent Lorensini, ýaryşyň baş hemaýatkäri bolan «Resmi kepil» ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň wekili, şeýle hem hormatly myhman hökmünde gatnaşan Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Alibek Niýatbekzoda ýaryşa dabaraly badalga berdiler.
Ýaryşyň netijeleri boýunça BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP) wekili Rahman Saparbaýew ähli ýedi oýunda ýeňiş gazanyp, 7 utuk bilen birinji orny eýeledi. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ilçihanasynyň wekili Folker Başe 6 utuk bilen ikinji orna mynasyp boldy. Üçünji orny bolsa 5 utuk bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň ilçihanasynyň wekili Maýkl Finn eýeledi.

Sylaglamak dabarasynda ýörite baýraklar hem gowşuryldy. Zenanlaryň arasynda iň gowy netije görkezen gatnaşyjy hökmünde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň wekili Ýelina Larina ykrar edildi. Şeýle hem iň ýaş gatnaşyjy – Täjigistan Respublikasynyň ilçihanasyna wekilçilik eden 11 ýaşly Komron Niýatbekow aýratyn baýraga mynasyp boldy.
Geçirilen ýaryş Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň goldawy bilen Fransuz institutynyň binýadynda işleýän küşt gurnagynyň şu möwsümdäki jemleýji çäresi boldy. Tomusky arakesmeden soň gurnagyň we institutyň okuw bölümleriniň işi sentýabr aýynyň ortalarynda täzeden başlanar.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.