23–25-nji awgust aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde ýeňil atletika boýunça III Merkezi Aziýa açyk çempionaty geçiriler. Abraýly halkara ýaryşa sebitiň we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy türgenleri gatnaşar.

Üç günüň dowamynda Daşkent şäheriniň stadionlarynda ýeňil atletikanyň esasy ugurlarynyň köpüsi boýunça bäsleşikler geçiriler. Türgenler gysga, orta we uzak aralyklara ylgamak, päsgelçiliklerden geçip ylgamak, stipl-çez, uzynlyga, beýiklige we üç gezek böküş, şeýle hem ýadro, disk, çekiç hem-de naýza zyňmak ýaly ugurlarda güýç synanyşarlar.

Çempionatyň maksatnamasyna tomaşaçylar üçin aýratyn gyzykly bolan 4x400 metr aralyga garyşyk estafeta ýaryşy hem girizildi. 23 we 24-nji awgust günleri bäsleşikler irden we agşamky maksatnama boýunça geçiriler. Ýaryşyň jemleýji final duşuşyklary bolsa 25-nji awgust güni irden bolar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Ýaryşa Özbegistanyň ýygyndysy bilen birlikde Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Taýland, Singapur, Gruziýa we Saud Arabystanynyň türgenleri gatnaşar.

Çempionatyň esasy geçiriljek ýeri Daşkent şäherindäki «Olimpiýa şäherçesi» bolar. 10 müň tomaşaçy üçin niýetlenen häzirki zaman stadion türgenlere ýokary derejeli şertlerde bäsleşmäge mümkinçilik döreder. Käbir tehniki ugurlar boýunça ýaryşlar Özbegistanyň Ýeňil atletika federasiýasynyň stadionynda geçiriler.

Ýaryşyň esasy guramaçysy Merkezi Aziýa Ýöriş we Ylgaw akademiýasy bolup durýar. Çempionata taýýarlyk işlerine Özbegistanyň we Merkezi Aziýanyň degişli sport guramalary hem gatnaşýar. Guramaçylyk hem-de eminler toparlarynyň düzüminde ýerli hünärmenler bilen bir hatarda halkara we sebit derejesindäki bilermenler hem orun alýar. Bu bolsa ýaryşy halkara ýeňil atletika bäsleşikleriniň talaplaryna laýyklykda geçirmek, türgenleriň netijelerine adalatly baha bermek hem-de çempionatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Merkezi Aziýa Ýöriş we Ylgaw akademiýasynyň direktory Şöhrat Usmonowyň bellemegine görä, bu ýaryş türgenlere halkara bäsleşik tejribesini artdyrmak, sport taýýarlygyny barlamak we güýçli garşydaşlaryň arasynda öz mümkinçiliklerini synap görmek üçin möhüm şert döredýär.

Hünärmeniň pikirine görä, Daşkentde geçiriljek çempionat türgenleriň 2027-nji ýylda geçiriljek ýeňil atletika boýunça Aziýa çempionatyna hem-de 2028-nji ýylda Los-Anjeles şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna uzak möhletleýin taýýarlygynda möhüm tapgyr bolar.

«THE ASHGABAT TIMES».