2024-nji ýylyň 16-njy iýulynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň XVIII mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýty 16-nji iýulda habar berdi.

Habarda berlişi ýaly, Türkmen tarapyndan mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Özbek wekiliýetine Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Ž.Hojaýew ýolbaşçylyk etdi.

Mejlisiň dowamynda taraplar bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň öňki mejlisiniň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Iki ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky yzygiderli we netijeli gepleşikleriň döwletara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berýändigi bellenildi.

Mejlisde taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny hem-de senagat ulgamyndaky özara hereketleri giňeltmegiň, energetika, ulag we üstaşyr daşamak ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Oba we suw hojalygy, hususan-da sebitiň suw serişdelerini ulanmakda, daşky gurşawy gormakda bilelikdäki hereketler babatda-da gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Mundan başga-da, mejlise gatnaşyjylar ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özara gatnaşyklaryň hem esasy ugurlaryna seredip geçdiler.

Bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň işiniň jemleri boýunça XVIII mejlisiň Teswirnamasyna gol çekildi.