Halkara Nowruz güni — Milli bahar baýramy, şonuň ýaly-da, Oraza baýramy mynasybetli Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we terbiýelenýän körpelere, şeýle hem Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan dürli süýjüliklerden ybarat baýramçylyk sowgady gowşuryldy. 

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde hem-de Döwletliler köşgünde bejergi we bilim-terbiýe alýan çagalar özlerini hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gutlamaga gelen jemgyýetçilik guramalarynyň, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerini aýratyn şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Olar dabara gatnaşýan myhmanlaryň öňünde aýdym-sazly çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. 

«THE ASHGABAT TIMES».