Bütindünýä banky bilen Türkmenistanyň arasynda Taşkentde geçirilen gepleşiklerde suw we ulag ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit edarasy X sosial ulgamynda ýerleşdiren ýazgysynda habar berdi. Onda Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Antonella Bassani bilen Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary Merdanguly Palwanowyň arasynda duşuşyk geçirendigi aýdylýar.
«Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary Merdanguly Palwanow bilen Bütindünýä bankynyň ÝBMA (ECA) wise-prezidenti Antonella Bassani ýurduň «Country Engagement Note» çägindäki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Bütindünýä banky suw we ulag ýaly möhüm ugurlar boýunça ileri tutulýan maksatlara goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi» diýip, ýazgyda bellenilýär.
Bankyň maglumatyna görä, duşuşyk Bütindünýä banky topary bilen HPG-niň (IMF) sebit wekilleriniň gatnaşmagyndaky duşuşyklaryň çäginde geçirilip, şol ýerde EDS24 toparynyň wekilleri hem Merkezi Aziýada sebit aragatnaşygyny ösdürmek, hususy sektory herekete getirmek hem-de açyk we ähli taraplaýyn söwdany giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bellemek gerek, Türkmenistan 1992-nji ýylda Bütindünýä bankyna agza bolanyndan bäri onuň bilen hyzmatdaşlyk edip gelýär. Soňky ýyllarda hyzmatdaşlyk uly göwrümli karz berişden has köp tehniki kömeklere gönükdirilip, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, statistik özgertmeler, howa üýtgemegine garşy durnuklylyk, suw serişdelerini dolandyrmak, energetika baglanyşygy we hususy sektory ösdürmek ýaly ugurlary öz içine alýar.
Bütindünýä bankynyň 2026–2027 maliýe ýyllary üçin häzirki «Country Engagement Note» resminamasynda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak esasy ileri tutulýan ugur hökmünde görkezilýär. Esasy ugurlar hökmünde makroykdysady statistikanyň döwrebaplaşdyrylmagy, Sebitleýin Elektrik Baglanyşygy we Söwda Inisiatiwasyna (REMIT) gatnaşmak, nebit-gaz pudagynda metan zyňyndylaryny azaltmak, BSG-ä (WTO) agza bolmak boýunça goldaw, maliýe sektoruny ösdürmek hem-de «Business Ready» maksatnamasy arkaly işewürlik gurşawyny gowulandyrmak görkezilýär.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.