Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalow Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Gandymow bilen duşuşdy.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dostlukly we doganlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi. Şeýle hem şäher gurluşygynda sanly meýilleşdirmegiň, infrastruktura taslamalaryny sanly dolandyrmagyň, şeýle hem ulag ulgamlaryny dolandyrmakda emeli intellekt çözgütleriniň ulanylmagynyň ähmiýeti barada pikir alşyldy.

Taraplar bu ugurlarda tejribe alyşmak we özara hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça pikirlerini beýan etdiler.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

«THE ASHGABAT TIMES».