Astrahan döwlet uniwersitetinde 26-njy noýabrda gündogar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi. Türkmen talyplary myhmanlara aýdym-saz çykyşlaryny görkezdiler we goşgular okadylar.
Çärä Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Gadam Ilamanow, Russiýanyň DIM-niň diplomatik wekili, Astrahan döwlet uniwersitetinde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Mundan başga-da, çäräniň çäklerinde Gadam Ilamanow türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirdi. Diplomat kanunçylyga eýermegiň möhümdigini belläp, watandaşlaryny uniwersitetiň medeni we sport durmuşyna işjeň gatnaşmaga çagyrdy.



Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.