Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilýän aşakdaky ugurlar boýunça howa gatnawlary 2026-njy ýylyň 2-nji martyndan 4-nji martyna çenli togtadyldy:

• Aşgabat — Dubaý — Aşgabat

• Aşgabat — Jidda — Aşgabat

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Awiakompaniýanyň habar berşi ýaly, ýatyrylan gatnawlaryň ýolagçylary awiabiletlerini tutumsyz ýagdaýda doly yzyna gaýtaryp bilerler, ýa-da iň ýakyn mümkinçilik bar bolan senelere tutumsyz ýagdaýda üýtgedip bilerler.

Şunuň bilen baglylykda, ýolagçylar awiabiletlerini yzyna gaýtarmak ýa-da uçuş senesini üýtgetmek üçin satyn alan ýerlerine ýa-da awiakompaniýanyň wekilhanalaryna ýüz tutup bilerler. Şeýle hem https://turkmenistanairlines.tm/ web sahypasynda we online platformalarynda satyn alnan awiabiletler yzyna gaýtarylan ýagdaýynda pul serişdeleri töleg geçirilen bank kartyna yzyna gaýtaryljakdygy barada habar berildi.

«THE ASHGABAT TIMES».