2026-njy ýylyň 27-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda türkmen-özbek işewürlik forumy geçirildi.
Forumyň açylyşynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Azat Nazarow oňa gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Şeýle hem forumyň açylyşynda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow çykyş etdi.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň gurluşyk hem-de senagat ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna bagyşlanan mejlis geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň, şeýle hem gurluşyk materiallaryny we senagat enjamlaryny öndürmek bilen meşgullanýan özbek kompaniýalarynyň wekilleri çykyş etdiler.
Forumyň umumy we pudaklaýyn mejlisleri tamamlanandan soň, Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bilen Özbegistan Respublikasynyň wekiliýetiniň arasynda, şeýle hem iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
«THE ASHGABAT TIMES».



Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.