2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde türkmen-eýran dost-doganlyk gatnaşyklaryna bagyşlanan çäre geçirildi. Çäräniň çäklerinde “Eýran bilen Türkmenistanyň dostlugy we garyndaşlygy, umumy taryhyň, medeniýetiň, sungatyň we mirasyň aýnasynda” atly suratkeşlik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy hem-de “Bereketli Eýran saçagy kitabyndan saýlanan tagamlar” eseriniň türkmen dilindäki terjimesi tanyşdyryldy.

Medeni çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojteba Ruzbehani, Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, şeýle-de Päkistan we Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow, sungat işgärleri, Döwlet Çeperçilik Akademiýasynyň mugallymlary we talyplary, pars dili öwrenijiler hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çäräniň myhmanlary boldular.


Çäräniň dowamynda çykyş edenler şeýle taslamalaryň we bäsleşikleriň goňşy ýurtlaryň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekde hem-de medeni dialogy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar. Eminler topary tarapyndan bäsleşige gatnaşan 50-den gowrak sungat eseriniň arasynda ýeňijiler saýlanyp, güwänamalar we pul baýraklary gowşuryldy.

Şeýle-de çäräniň dowamynda Ajap Igliýewa we Dünýägözel Berdigylyjowa tarapyndan terjime edilen “Bereketli Eýran saçagy” atly kitabyň türkmen dilindäki neşiri okyjylara hödürlenildi. Eser Eýranyň milli aşhanasynyň 100-den gowrak tagamynyň taýýarlanyş düzgünlerini öz içine alýar. Kitabyň tanyşdyrylyşy ýörite wideoşekil bilen utgaşdyrylyp, eýran tagamlarynyň taýýarlanyş syrlary we hödürleniş medeniýeti görkezildi.






Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.