Düýn - 5-nji iýunda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Talyp joşguny — 2026» atly döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyry geçirildi.
Dabaranyň başynda festiwalyň jemleýji tapgyryna gatnaşýan talyp toparlaryna hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly ýaşlar» elektron žurnaly bilen döredijilik aragatnaşygynda aýratyn işjeňlik görkezen ýokary okuw mekdepleriniň ilkinji ýaşlar guramalarynyň ýolbaşçylaryna guramaçylar tarapyndan Hormat haty we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Festiwalyň dowamynda ýylyň şygary bilen bagly edebi-çeper kompozisiýalar, milli we nusgawy sazlar, aýdyşyklar, halk aýdymlary hem-de halk döredijiliginiň eserlerinden parçalar ýerine ýetirildi. Çeper okaýyşlara, taryhda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetlerimiziň keşbini janlandyrýan teatrlaşdyrylan sahna oýunlaryna we tansly çykyşlara hem dabarada aýratyn orun berildi.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.