2026-njy ýylyň 9-njy iýuly, Aşgabat – BMG-nyň binasynda raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy we demografik statistika (CRVS) ulgamynda sanlylaşdyrmany ösdürmäge bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Bu çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen 2026-njy ýyl üçin bilelikdäki iş meýilnamalarynyň çäklerinde guraldy.
Duşuşygyň maksady sebit derejesindäki ösüşleri, CRVS-i ösdürmekde dürli ýurtlaryň tejribelerini, şeýle hem demografik hasabatlylyk ulgamyna sanly çözgütleri girizmek arkaly maglumatlary netijeli alyşmak üçin pudagara hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Maslahata Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň hem-de Aragatnaşyk ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem, UNFPA-nyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebit edarasynyň ilat we maglumatlar boýunça bilermenleri duşuşyga onlaýn tertipde gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar CRVS ulgamynda sanlylaşdyrmany ösdürmek boýunça öňde duran wezipeleri seljerdiler, saglygy goraýyş, RÝNÝ, statistika we içeri işler düzümleriniň arasynda maglumat alyşmagy utgaşdyrmakda ministrlikleriň we edaralaryň orunlaryny deslapdan kesgitlemäge aýratyn üns berdiler, şeýle hem sanly ilat reýestrini ösdürmek boýunça geljekki bilelikdäki ädimler boýunça ylalaşdylar.



Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.