Şu gün, 19-njy awgustda Aşgabat şäherinde çagalaryň şatlygyna, döredijiligine we geljegine bagyşlanan uly halkara waka — «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady.

Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew hem-de beýleki ýolbaşçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda geçirilýän bu giň gerimli çäre şu ýyl eýýäm üçünji gezek guralýar. Sergi çagalaryň aň taýdan ösüşine, döredijilik ukyplaryna, aýdym-sazyň, sungatyň we sportuň ýaş nesliň durmuşyndaky ähmiýetine bagyşlanan täsirli bölümleri bilen aýratyn tapawutlanýar.
«Kids EXPO» çagalar we ene-atalar üçin baýramçylyk ýagdaýyny döredýän, täze açyşlara we şatlykly pursatlara baý meýdança öwrülýär. Bu ýerde dürli gyzykly bäsleşikler, döredijilik ýaryşlary we täsin çäreler geçirilýär.
Halkara sergi-ýarmarkada çagalar üçin harytlar we hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan Türkmenistanyň hem-de dünýäniň onlarça döwletiniň öňdebaryjy kompaniýalary öz täze önümlerini hödürleýärler. Şeýle hem käbir daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalary ýörite pawilýonlar arkaly gatnaşýarlar.
Serginiň çäklerinde myhmanlara köp sanly gyzykly çäreler garaşýar. Olaryň hatarynda el işine ussatlaryň taýýarlan önümleriniň sergisi, ýurdumyzyň meşhur modeller öýleriniň täze çaga lybaslarynyň görkezilişi, çagalar döredijiliginiň dürli ugurlary boýunça gurnaklar we ussatlyk sapaklary, ýaş zehinleriň çykyşlary, sport görkezilişleri, şeýle hem çagalaryň çeken suratlarynyň we elde ýasan oýunjaklarynyň bäsleşikli söwdasy bar.











«Kids EXPO» halkara sergi-ýarmarkasy çagalaryň döredijilik dünýäsini açýan, maşgala gymmatlyklaryny dabaralandyrýan we ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga giň mümkinçilik döredýän möhüm halkara çäre hökmünde öz ornuny tapýar.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.