Aşgabat şäherindäki «Aşgabat» kinoteatrynda 14–16-njy awgust aralygynda hindi filmleriniň festiwaly geçirilýär. Medeni çäre Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen guraldy.
Festiwalyň çäginde kinoteatryň eýwanynda hindi kinosynyň 1913-nji ýyldan bäri geçen ösüş ýoluny beýan edýän meşhur filmlerden ybarat sergi hem açyldy.
Çäräniň açylyş dabarasynda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu çykyş edip, iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň barha ösdürilýändigini belledi. Şeýle hem ol Hindistanyň 15-nji awgustda bellenilýän Garaşsyzlyk gününiň 79 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň halkyna gutlaglaryny ýetirdi we Türkmenistanyň sentýabr aýynda belleniljek Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen bagly hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdi.
Festiwalyň kino maksatnamasyna şu filmler girizildi:
- 14-nji awgust — festiwal Niteş Tiwariniň režissýorlygynda düşürilen we Amir Hanyň baş keşbi janlandyran «Dangal» (2016 ý.) filmi bilen açyldy.
- 15-nji awgust — tomaşaçylara Aditýa Çopranyň režissýorlygyndaky, Şahruh Han bilen Kajolyň baş keşplerde çykyş edýän meşhur «Ogurlanmadyk gelinlik» (Dilwale Dulhania Le Jayenge, 1995 ý.) filmi hödürlener.
- 16-njy awgust — festiwal Şimit Aminiň režissýorlygynda düşürilen we Şahruh Hanyň baş keşbinde çykyş edýän «Öňe, Hindistan!» (Chak De! India, 2007 ý.) filmi bilen jemlener.
Hindi filmleriniň festiwaly türkmen we hindi halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga, şeýle hem tomaşaçylara hindi kinosynyň baý mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.