Aşgabatda maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmaga we döwrebap ykdysady gurallaryň ulanyşyny ösdürmäge gönükdirilen «FinFest Turkmenistan 2026» ikinji maliýe hyzmatlarynyň festiwaly geçiriler.
2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde «Arkaç» işewürlik merkezinde guraljak bu ähmiýetli çäre maliýe pudagynyň öňdebaryjy hünärmenlerini, işewürleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini bir meýdançada jemlär. Festiwal «Durnukly Maliýe Merkezi» hem-de «Açyk ýürek» hojalyk jemgyýetleri tarapyndan gurlanyp, oňa Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesi resmi taýdan goldaw berýär.
Bu halkara derejeli çäre ýurdumyzyň maliýe bazaryny döwrebaplaşdyrmaga we durnukly ykdysady tejribeleri jemgyýetçilik durmuşyna ornaşdyrmaga ýardam edýän milli bilim we tejribe alyşyş platformasy hökmünde çykyş edýär. Festiwalda ýurdumyzyň banklarynyň, ätiýaçlandyryş, broker, audit we IT kompaniýalarynyň hünärmenleri, şeýle hem bilim merkezleriniň ýolbaşçylary, telekeçiler we isleg bildirýän ýaşlar duşuşarlar.
Çäräniň maksatnamasy gaty baý bolup, ol öz içine maliýe ýarmarkasyny, plenar gepleşikleri, ýörite sessiýalary, hünärmenler bilen geçiriljek şahsy maslahatlary, ussatlyk sapaklaryny we amaly okuwlary alýar. Günüň dowamynda hereket etjek sergi zolagynda gelýän myhmanlar iň täze maliýe önümleri we sanly hyzmatlar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik taparlar.
«FinFest Turkmenistan 2026» aýratynlykda kiçi we orta telekeçiligiň wekillerine, talyplara, täze iş başlan telekeçilere we maliýe sowsatlylygyna gyzyklanma bildirýän ähli raýatlara gönükdirilendir. Bellenen orunlaryň çäklidigi sebäpli, festiwala gatnaşmak isleýänleriň öňünden hasaba durmagy zerur bolup durýar. Bu çäre diňe bir bilim däl, eýsem täze işewürlik gatnaşyklaryny gurmak üçin hem uly mümkinçilikdir.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.