2026-njy ýylyň 26-njy we 28-nji awgustynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy Hökümetleriň arasynda BMG-niň Ilat we ösüş baradaky 14-nji soraganamsyna seretmek, ony doldurmak we resmi taýdan tabşyrmak boýunça işlerde Türkmenistanyň Hökümetine tehniki goldaw bermek maksady bilen konsultatiw duşuşyklary gurnady. BMG-niň Aşgabat şäherindäki binasynda geçirilen duşuşyklara Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Hökümetleriň arasynda BMG-niň Ilat we ösüş baradaky soragnamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň ygtyýarnamasy esasynda 1963-nji ýyldan bäri BMG-niň Sekretariaty tarapyndan yzygiderli geçirilip gelinýär. Ol 1994-nji ýylyň Ilat we ösüş baradaky halkara konferensiýasynyň (ICPD) Hereketler maksatnamasynyň çäklerinde milli demografik strategiýalar, syýasat we maksatnamalar barada maglumatlary toplamak we ýaýratmak üçin esasy global gural bolup hyzmat edýär. Toplanan maglumatlar Durnukly Ösüş Maksatlaryna (DÖM) ýetmekde gazanylan öşüşe global derejede monitoring etmek üçin möhüm ähmiýete eýedir.
Konsultatiw duşuşyklaryň dowamynda oňa gatnaşyjylar 14-nji soragnamanyň düzümine girýän 4 sany moduly doldurmak üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýady we amaly maglumatlar boýunça iş geçdiler:
- Birinji modul demografik üýtgeşmeleri, pensiýa kanunçylygyny we sagdyn garramak baradaky çäreleri öz içine aldy.
- Ikinji modul ilatyň çäkler boýunça paýlanmagyna, oba ýerlerini ösdürmäge, urbanizasiýa we adatdan daşary ýagdaýlaryň töwekgelçiligini azaltmaga gönükdirildi.
- Üçünji modul çaga dogluşy, enäniň saglygyny goramak, döwrebap kontrasepsiýa serişdeleriniň elýeterliligi we reproduktiw saglygy ýaly meseleleri öz içine aldy.
- Dördünji modul halkara migrasiýany dolandyrmak mehanizmleri, migrantlaryň hukuklaryny goramak we adam söwdasyna garşy göreşmek meselelerine gönükdirildi.
Geçirilen konsultatiw duşuşyklar pudagara hyzmatdaşlyk arkaly 14-nji soragnamany doldurmagyň taslamasyny taýýarlamaga hem-de ony resmi taýdan ylalaşmak we Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan BMG-niň Sekretariatyna tabşyrmak üçin mümkinçilik döretdi.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.