10-njy aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu möhüm waka ýurdumyzyň ulag ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.
Hormatly Prezidentimiz Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy mynasybetli çykyş edip, oňa gatnaşyjylary bu şatlykly waka bilen gutlady. Döwlet Baştutanymyzyň şanly waka mynasybetli täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurmagy, şowhunly el çarpyşmalaryň astynda toý bagyny kesip, täze ýola ak pata bermegi dabaranyň iň ýatda galyjy ýakymly pursatlaryna öwrüldi. Şeýle hem bu ýoluň ugrunda toý däp-dessurlarymyzy we milli mirasymyzy açyp görkezýän edebi çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.
Açylyş dabarasynyň dowamynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ýokary hil görkezijilerini tassyklaýan halkara güwänamalar we şahadatnamalar gowşuryldy. Hususan-da, täze awtomobil ýoly Fransiýanyň «Grenobloise d,Electronique et d,Automatismes (GEA)» kompaniýasynyň wideogözegçilik we töleg ulgamlarynyň ýokary standartlarynyň üpjün edilendigi barada halkara güwänamasyna; töleg ulgamlarynyň taslamalaşdyrylyşy, ulanylyşy we tehniki hyzmaty boýunça işleriň hilli dolandyryş ýörelgelerine laýyklykda alnyp barlandygyny tassyklaýan ISO 9001 şahadatnamasyna; maglumat howpsuzlygynyň ýokary derejesini, ulanyjylaryň şahsy maglumatlarynyň, maliýe amallarynyň we möhüm infrastrukturanyň kiberhowplardan ygtybarly goralýandygyny tassyklaýan ISO 27001 şahadatnamasyna; ýokary tizlikli awtomobil ýolunda daşky gurşawy goramak boýunça jogapkärli çemeleşmäni tassyklaýan we ähli işleriň gurşawa ýetirýän täsirini azaltmaga gönükdirilendigini tassyklaýan ISO 14001 şahadatnamasyna; ölçeg enjamlarynyň ýokary takyklygyny, gözegçilik ulgamlarynyň dogry işleýändigini, ähli amallaryň aýanlygynyň we adalatlylygynyň üpjün edilýändigini tassyklaýan ISO 10012 şahadatnamasyna mynasyp boldy. Şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň «Shandong Jiangfeng New Material Technology» kompaniýasynyň ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ýol demir germewleriniň taslamasynyň we hasaplamalarynyň halkara ýol howpsuzlyk kadalaryna doly laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamasynyň gowşurylmagy bu taslamanyň üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün etmäge ukyplydygyny görkezýär.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.