Aşgabat şäheriniň Salgyt bölümi Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda girizilen üýtgeşmelere we goşmaçalara bagyşlanan seminar‑maslahatyň geçiriljekdigini habar berýär.
Çäre 2026-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda sagat 10:00-da Mollanepes adyndaky talyp teatrynyň mejlisler zalynda geçiriler.
Seminar‑maslahata paýtagtymyzyň dört etrabynyň — Büzmeýin, Bagtyýarlyk, Köpetdag we Berkararlyk etraplarynyň salgyt bölümleriniň wekilleri gatnaşarlar.
Maslahatyň dowamynda ýurduň salgyt kanunçylygynda ýakynda girizilen üýtgeşmeler bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.