Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli täze desgalaryň we binalaryň, şeýle-de Bagtyýarlyk etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň, «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda iki gatly 136 sany ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabaralary geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow çykyş etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak medeni çärelere, açylyş dabaralara taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.
Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli "Çoganly" ýaşaýyş toplumynda ýaşaýyş jaýlaryň açylyş dabarasy geçiriler



Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.