Türki döwletler guramasy we onuň agza döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk we özara düşunişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklar we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn berkitmek we Türki döwletler guramasynyň Ýaşulylar geňeşiniň 15-nji mejlisini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, degişli düzümlere 2024-nji ýylyň 11-13-nji marty aralygynda Aşgabat şäherinde Türki döwletler guramasynyň Ýaşulylar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň ýokary derejede we guramaçylykly geçirmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Aşgabat şäherinde Türki döwletler guramasynyň Ýaşulylar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçiriler



Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.