Hyzmatdaşlygyň mümkinçilileriniň ulydygyny türkmen paýtagtynda tamamlanan Owgan harytlarynyň sergisi hem aýdyň görkezdi. Sergä gatnaşan kompaniýalaryň aglabasy özleriniň mümkinçiliklerini ýurdumyzda ilkinji gezek tanyşdyrdylar. Bu kompaniýalar köpugurly ykdysady kuwwata eýe bolan ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler.