Şu gün - 29-njy iýunda döwrebap binagärligiň nusgasy bolan Arkadag şäheriniň üç ýyllygy bellenilýär. Bu şanly sene mynasybetli dürli dabaralar geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu şäheriň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şol ýylyň 16-njy iýunynda täze şäheriň ikinji tapgyryna badalga berildi. Täze şäheriň taslamasy taýýarlanyp, düýbi tutulan pursadyndan bäri türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde alnyp barylýan giň möçberli işleri hemişe üns merkezinde saklaýar.

Täsin gözelligi, kämil tehnologiýalary, milli binagärlik aýratynlygy bilen bütin dünýäde ykrar edilen Arkadag şäheri döwletimiziň ykdysady rowaçlygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny, belent abraýyny alamatlandyrýar. Geçen üç ýylyň dowamynda Arkadag şäherine «akylly» şähergurluşyk maksatnamasy, innowasion mümkinçilikleri, ekologiýa derejesi boýunça ýokary görkezijilerini tassyklaýan abraýly halkara güwänamalaryň hem-de sylaglaryň gowşurylmagy munuň aýdyň beýanydyr.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

«THE ASHGABAT TIMES».