Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Aziýa Futbol konfederasiýasynyň (AFK) binasynda AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň 2026-2027-nji ýyllar möwsüminiň toparçalaýyn tapgyrynyň bijesi çekildi. Onuň netijesinde Türkmenistanyň üç gezek çempiony bolan «Arkadag» futbol toparynyň toparçadaky garşydaşlary hem belli boldy.
Bije çekişligiň netijesinde «Arkadag» topary «B» toparçasyna düşdi. Türkmen topary bu tapgyrda Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al-Jazira», Eýranyň «Gol Gohar» hem-de Bahreýniň «Al-Muharraq» toparlary bilen duşuşar.
Ýaryşyň düzgünnamasyna laýyklykda, toparlaryň sebetlere bölünişi Aziýa Futbol konfederasiýasynyň toparlaýyn reýtingi esasynda geçirildi. Şoňa görä-de, «Arkadag» topary dördünji sebetde ýerleşdirildi. Şeýle-de bir ýurduň toparlarynyň bir toparçada ýerleşdirilmegine ýol berilmedi.
Netijede, «Arkadag» topary ilkinji üç sebetden bir-birden garşydaş aldy. Birinji sebetden «Al-Jazira», ikinji sebetden «Gol Gohar», üçünji sebetden bolsa «Al-Muharraq» topary türkmen toparynyň garşydaşy boldy. «Arkadag» toparynyň toparçadaky garşydaşlarynyň üçüsi hem halkara derejesinde belli toparlaryň hataryna girýär.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.