«Arkadag» futbol topary yzly-yzyna üçünji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogynyň eýesi boldy. Döwlet ähmiýetli Arkadag şäherine wekilçilik edýän topar Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşykda «Ahal» toparyny 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, bu üstünligi gazandy.
Milli derejede üçünji ähmiýetli baýrak ugrundaky duşuşyk Aşgabat şäherindäki «Nusaý» stadionynda geçirildi. Duşuşykdaky hasaby 19-njy minutda Rahman Myratberdiýew açdy. Ikinji ýarymda üç gezekki Türkmenistanyň çempionynyň artykmaçlygyny 57-nji minutda Begenç Akmämmedowyň we 79-njy minutda Şanazar Tirkişowyň geçiren gollary berkitdi.
Bu üstünlige «Arkadag» toparyny toparyň baş tälimçisi, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi, 2003/04 möwsümde Groznynyň «Terek» toparynyň düzüminde Russiýanyň Kubogynyň, 2013-nji ýylda bolsa «Balkan» topary bilen AFK-nyň Prezident Kubogynyň eýesi bolan Wladimir Baýramow alyp geldi. Gyzykly tarapy, Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşygyň geçirilen güni onuň 46 ýaşy doldy.
Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky bu duşuşyk «Arkadag» topary üçin 2026/27 möwsümdäki AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň deslapky tapgyrynda 12-nji awgustda Hindistanyň Naýbaşy Kubogynyň eýesi «Goa» toparyna garşy geçiriljek öz meýdançasyndaky oýnunyň öňüsyrasynda möhüm synag boldy. Bu duşuşykda ýeňiş gazanylsa, Wladimir Baýramowyň şägirtleri ýene-de AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş eder. Ýeňliş ýagdaýynda bolsa, topar halkara möwsümini Aziýanyň topar ýaryşlarynyň derejesi boýunça üçünji bolan AFK-nyň Çagyryş ligasynda dowam etdirer.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.